ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de öz işine başlan “CES 2022” ser­gi­siniň çäklerinde Germaniýanyň “Mercedes” brendi “Vision EQXX” modelini köpçülige görkezdi. Nusgalyk görnüşli model nemes öndürijiniň geljekde nähili ulag öndürjekdigi barada pikir berýär. Ulagyň aerodinamikasy örän ýokary bolup, bu ugurda dünýäde birinji ýerde durýandygy habar berildi. Bu ugurdaky ozalky rekord hem kompaniýanyň “EQS” modeline degişli eken. Ulagyň ýokarysy Gün paneli bilen üpjün edilipdir. Bu panel ulagyň howanyň ýagty wagty energiýa öndürmegini üpjün eder. Şeýlelikde ulagyň bir gezeklik zarýady bilen geçýän ýoly hem uzalar. Kompaniýanyň wekilleri ulagyň bir gezeklik zarýady bilen 1 000 (müň) kilometr ýol geçip biljekdigini belleýärler. Gün panelleri bolsa her müň kilometr üçin goşmaça 25 kilometr bolar. Bu görkeziji örän az hem bolsa, tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi bilen geljekde artmagyna garaşylýar. Ulagyň 2024-2025-nji ýyllarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Kompaniýa bu ulgamy döretmek üçin Germaniýadaky institutlar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Gün panelli ulaglaryň müşderiniň islegine görä oturdyljakdygy aýdylýar.

Birküç ýyl ozal “Toyota” kompaniýasy hem şeýle ulagy çykarypdy. Bu ulagyň 1000 kilometrde 6 kilometr goşmaça ýol geçmäge mümkinçilik berýändigi mälim edilipdi.

Hindistanda bolsa, otlularyň üstüne Gün paneli ýerleşdirilipdi. Şol panellerden alnan energiýanyň hereketlendirijini güýçlendirmek üçin däl-de, otly wagonlarynyň içinde sarp edilýän energiýany üpjün edýändigi mälim edilipdi.

Sapar Kesäýew,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.