Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Afrika ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Müsürde hem-de Sudanda ýokary derejede gepleşikler geçirdi. Ol bu saparyny Müsür Arap Respublikasyndan başlap, ýurduň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanlary, esasan hem, söwda, erkin söwda zolaklaryny döretmek, gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmek, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, belarus önümlerini Müsüriň bazaryna ýerlemek, bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmak we bu ugurda belarus tehnologiýasyndan hem-de tejribesinden peýdalanmak babatda gürrüň edildi. Belarus tarapy Müsüriň Ýewraziýa ykdysady bileleşigi bilen erkin söwda zolagyny döretmek baradaky gyzyklanmasyna goldaw berdi. Bu ugurda Müsüre hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça-da pikir alşyldy. Ýakyn wagtda Belarusyň hem-de Müsüriň hökümetara toparynyň agzalary Minsk şäherinde duşuşyp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Gepleşikleriň barşynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Olaryň hatarynda: Medeniýet ministrlikleriniň arasyndaky ähtnamany, oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamany, suw serişdelerini ýerlikli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça ähtnamany, sport we bedenterbiýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşygyny görkezmek bolar.
Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň bu saparynyň ýene-de özboluşly aýratynlygy bar. Ol hem bu saparyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda amala aşyrylmagydyr.
Mundan başga-da, Prezident Lukaşenko Sudanda saparda boldy. Ol döwlet Baştutany wezipesinde Sudana ilkinji saparyny amala aşyrýar. Belarusyň Prezidenti Hartum şäherinde Sudanyň Prezidenti Omar Hasan Ahmed al-Başir, wise-prezidenti Hasan Abdelrahman we Milli Assambleýanyň Başlygy Ibrahim Ömer bilen duşuşdy. Sudanyň Prezidenti 2004-nji ýylda Belarusda saparda bolupdy.
Belarus bilen Sudanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde Afrika ýurduna traktor, transformator, teker we beýleki tehnikalary satmak göz öňünde tutulýar.