Alymlar şokoladlaryň dürli görnüşlerini öwrenýärler. Ylmy işleriň netijesinde gara şokoladyň ýene-de bir peýdaly tarapy ýüze çykaryldy. Garward uniwersitetiniň alymlarynyň ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, gara şokolad gan basyşyny kadalaşdyrýar we ýürek-damar keselleriniň döremeginiň öňüni alýar, ýady we beýniniň işini gowulandyrýar.
Ozal hem gara şokoladyň peýdasy barada aýdylyp geçilipdi. Hünärmenleriň pikirine görä, bu önümde magniý, demir, mis we marganes ýaly köp sanly element bar. Onuň düzüminde adamyň keýpini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän elementler bar.
Aýgül HAJYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.