Fransiýanyň «Plaxtil» kompaniýasy köne lukmançylyk agyz-burun örtüklerinden dürli esbaplary öndürmegi başardy. Kompaniýa ilki bilen çyzgyç we transportir öndürip başlady. Ilkinji tapgyrda olaryň 6 müň sanysy öndürildi. Munuň üçin 320 müň sany köne örtüklerden peýdalanyldy. Köne örtükleri jemlemek üçin 100-den gowrak kabul ediş nokady döredildi. Örtükler ultramelewşe şöhläniň aşagynda arassalanýar we soňra böleklere bölünýär. Alnan süýümlerden täze zatlar öndürilýär. Kompaniýa ýakyn wagtda köne agyz-burun örtüklerinden asgyç we beýleki zatlary öndürmegi göz öňünde tutýar. Maglumatlara görä, pandemiýa döwründe dünýäde her gün 4 milliarddan gowrak lukmançylyk örtügi zibile zyňylýar. Bu zyňyndylary gaýtadan işlemek üçin täze taslamalar işlenip taýýarlanýar.
Sünnet MEHMANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.