«Apple» kompaniýasynyň her bir paýnamasynyň bahasy şu ýylyň ilkinji iş gününde 182,88 dollara ýetip, şol gün 3 göterim gymmatlady. Şeýlelikde, tehnologiýa ägirdiniň bazar bahasy 3 trillion dollara ýetdi. Netijede, «Apple» bu sepgitden geçen ilkinji kompaniýa boldy. Kompaniýanyň paýnamalary geçen ýylyň başyndan bäri 3 esseden gowrak gymmatlady. «Apple»-iň bazar nyrhy 2018-nji ýylyň awgustynda 1 trillion dollardan geçipdi. Geçen ýylyň awgustynda bolsa 2 trillion dollar sepgidinden geçipdi.
Häzirki wagtda «Microsoft»-yň bazar nyrhy 2,5 trillion dollara we «Alphabet»-iň bazar nyrhy 1,9 trillion dollara barabardyr.
Mekan NAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.