Ýer ýü­zün­de te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýan ada­la­ryň müň­ler­çe­si bar. Ola­ryň kö­pü­si iri şä­he­re ýa­kyn­dy­gy, gä­mi gat­naw ýol­la­ry­nyň ke­siş­ýän ýe­rin­de ýer­leş­ýän­di­gi, ýa­şa­mak üçin amat­ly­dy­gy se­bäp­li otu­rym­ly­la­şyp­dyr. Bu ada­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

We­ne­si­ýa
Ka­nal­la­ry bi­len dün­ýä bel­li We­ne­si­ýa­da ulu­ly-ki­çi­li 117 ada­la­ry bir­leş­dir­ýän 455 köp­ri bar. Ada­nyň kö­ne mer­ke­zin­de ka­nal­lar edil şä­her­ler­dä­ki ýol­lar ýa­ly ula­nyl­ýar. Güýç­li tol­kun­la­ryň eme­le gel­ýän güýz we gyş pa­syl­la­ryn­da ada­nyň iň pes ýe­ri bo­lan Pýaz­za San Mar­ko­ny suw bas­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, se­bit soň­ky müň ýyl­da 7 san­ti­metr çö­küp­dir. Ge­çen asy­ryň do­wa­myn­da We­ne­si­ýa şä­he­ri­niň 24 san­ti­metr pe­se­len­di­gi aý­dyl­ýar. Alym­lar Ad­ria­tik deň­zin­de suwuň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň We­ne­si­ýa­nyň çök­me­gi­ne se­bäp bo­lan­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.
Flo­res
Flo­res ada­sy Pe­ten It­za kö­lün­de ýer­le­şip, bir ta­ra­py gu­ry ýe­re bi­rik­di­ri­len, beý­le­ki ta­ra­pyn­da bol­sa San­ta Ele­na we San Be­ni­to şä­her­le­ri ýer­leş­ýär. Bu ýer­de Ma­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hy ga­lyn­dy­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Bu ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler her ýyl­da müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Mun­dan baş­ga-da ada şä­he­rin­dä­ki gy­zyl üçek­li bi­na­lar, daş dü­şe­len dar kö­çe­ler, ta­ry­hy yba­dat­ha­na­lar, myh­man­ha­na­lar we res­to­ran­lar da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak dynç al­şy hö­dür­le­ýär.
Lin­dau
Ta­ry­hy şä­her Lin­dau Awst­ri­ýa, Ger­ma­ni­ýa we Şweý­sa­ri­ýa ser­het­le­ri­niň Kons­tans kö­lü­niň gün­do­gar bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Şä­her ma­te­rik bi­len de­mir ýol köp­rü­si ar­ka­ly bir­leş­ýär we 3 müň tö­we­re­gi ila­ty bar. Agaç­dan ýa­sa­lan Or­ta asyr me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li bi­na­lar sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Mek­si­kal­ti­tan
Mek­si­ka­nyň Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ adam ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len ki­çi­jik ada şä­he­ri­niň daş-tö­we­re­gi­ni bat­ga­lyk we mang­row agaç­la­ry gur­şap al­ýar. Esa­san hem, iýun-okt­ýabr aý­la­ryn­da­ky ýa­gyş möw­sü­min­de kö­çe­ler­de suw joş­ýar. Şeý­le ýag­daý­da ýer­li ilat we ja­han­keş­de­ler bu ýe­re ga­ýyk­da ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Ta­ryh­çy­lar bu ýer­de ir­ki wagt­lar­da az­tek­le­riň ýa­şap ge­çen­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Peskato­ri
Ba­lyk­çy­lar ada­sy diý­me­gi aň­lad­ýan bu ýer Şweý­sa­ri­ýa­nyň La­go Mad­jo­re kölündä­ki Bor­ro­meo ada­sy­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýär. Ada­nyň 50 sa­ny ýa­şaý­jy­sy bar. Bu ýe­riň ila­ty ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan hem bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da ja­han­keş­de­le­riň art­ma­gy bi­len sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän­le­riň sa­ny hem art­dy.
Ne­se­byr
«Ga­ra deň­ziň mer­jen­le­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Ne­se­byryň üç müň ­ýyldan gowrak ta­ry­hy bar. Bolgariýa degişli bolan bu ada taryhy binalarynyň köpdügi bilen tapawutlanýar. Şäherde gün­do­gar pra­wos­law­la­ryň baý bi­na­gär­lik mi­ra­sy­ny görmek bolýar.
San­ta Kruz
Ko­lum­bi­ýa­nyň Ka­rib deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän San­ta Kruz dün­ýä­niň gür ilat­ly ada­sy ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de tak­my­nan 90 öý bo­lup, 1 gek­tar tö­we­re­gi meý­dan­da 1 müň 200 tö­we­re­gi adam bar. Ila­ty goň­şy Mu­ku­ra ada­syn­da fut­bol oý­na­ýan San­ta Kruz­da­ky ýe­ke-täk meý­dan­ça ten­nis meý­dan­ça­sy­nyň ýa­ry­sy­na deň­dir.

Male

Ma­le Mal­diw­le­riň paý­tag­ty we iň köp ilat­ly şä­he­ri­dir. Ki­çi ada­da 100 müň­den gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Hiç hi­li akar su­wuň ýo­kdu­gy se­bäp­li bu ýer­de su­wy süý­jet­mek üçin ýe­ras­ty suw­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Şä­he­riň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bol­sa, di­zel ge­ne­ra­tor­la­ry ar­ka­ly ön­dü­ril­ýär. Ga­ty ga­lyn­dy­lar la­gun­la­ry dol­dur­mak üçin ýa­kyn ada­la­ra äki­dil­ýär. Bu ada­nyň go­la­ýyn­da ho­wa men­zi­li bar.

Man­het­ten

Man­het­ten Nýu-Ýor­kuň bäş et­ra­by­nyň bi­ri­dir. Man­het­ten as­lyn­da şä­her ada­sy bo­lup, Nýu-Ýork­da­ky iň meş­hur att­rak­si­on­la­ryň kö­pü­si­ni öz içi­ne al­ýar. Dün­ýä­niň iri işe­wür­lik mer­kez­le­ri­niň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan «Man­het­ten» sö­zi «köp de­pe­le­riň ada­sy» diý­me­gi aň­lad­ýan «Le­na­pe» sö­zün­den eme­le ge­lip­dir. 1625-nji ýyl­da ni­der­land­lar Nýu-Ýork şä­he­ri­niň dö­re­me­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Man­het­ten ada­syn­da ga­la gu­rup­dyr­lar. Hä­zir­ki wagt­da Man­het­ten ada­sy dün­ýä­niň iň gür ilat­ly ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, 2008-nji ýyl­ky ha­sa­ba­ta gö­rä, 59,47 kwad­rat ki­lo­metr meý­dan­da 1 mil­li­on 634 müň 795 adam ýa­şa­ýar.