Germaniýada, Hristian-demokratik we Hristian-sosial partiýa bileleşigi Frank-Walter Ştaýnmaýeriň ikinji prezidentlik möhletine gaýtadan saýlanmagyny goldady. 13-nji fewralda meýilleşdirilýän bu mesele boýunça federal maslahatda ses berişlik synçylaryň pikirine görä, diňe bir resmi adat bolar.

6-njy ýanwarda 66 ýaşyny dolduran Ştaýnmaýer, 2017-nji ýylda Ýoahim Gaukyň ýerine Prezident boldy. Ol geçen ýylyň maý aýynda ýene bäş ýyl döwlet Baştutany bolmak niýetininiň bardygyny mälim etdi. Ondan öň Ştaýnmaýeriň dalaşgärligini Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy we dolandyryjy koalisiýanyň agzasy bolan Erkin-demokratik partiýasy goldapdy. Şeýle hem “Ýaşyllar” Prezidentiň pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Germaniýada Prezident, iň ýokary döwlet işgäri hökmünde, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär.