Fran­si­ýa­nyň Tu­luz şä­he­rin­dä­ki dün­ýä bel­li “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na “Air­bus A321” ky­sym­ly ýo­lag­çy uça­ry­ny tab­şyr­dy. Ol Eý­ran bi­len fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da gol çe­ki­len şert­na­ma­dan soň, ber­len il­kin­ji uçar bol­dy. “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy Eý­ran­dan 100 sany uçar sar­gyt alyp­dy.
Eý­ra­nyň “Iran Air” mil­li awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji mü­di­ri Far­had Per­wa­ra­şyň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ga­za­ny­lan yla­la­şy­k ýur­duň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm ge­le­şik­le­riň bi­ri bol­dy. Ol ýur­duň kö­ne­li­şen uçar flo­tu­nyň dü­zü­mi­niň tä­ze­len­me­gi­ne ýar­dam eder.
18 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, Eý­ra­nyň mil­li awia­si­ýa flo­tu­nyň üs­ti 46 sa­ny “Air­bus A320”, 38 sa­ny “Air­bus A330” hem-de 16 sa­ny “Air­bus A350 XWB” ky­sym­ly uçar­lar bi­len ýe­ti­ri­ler. Şeý­le hem Eý­ra­nyň mil­li awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy şol bir­wagt­da ABŞ-nyň bel­li “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hem uçar sa­tyn al­mak ba­bat­da de­giş­li yla­la­şy­ga gol çe­kip, öňü­miz­dä­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 80 sa­ny uçar alar.
«Air­bus» uçar sa­tu­wy­ny art­dyr­dy
2016-njy ýyl bo­ýun­ça Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň, ga­ly­ber­se-de dün­ýä­niň iri uçar ön­dür­ýän şe­re­ket­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Air­bus”-yň sa­tan uçar­la­ry­nyň sa­ny 8 gö­te­rim art­dy. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da kom­pa­ni­ýa 688 uçar ön­dü­rip, müş­de­ri­le­ri­niň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­dy. Muňa garamazdan, şu ýy­lyň do­wa­myn­da şe­re­ket dün­ýä­niň iň uly ýo­lag­çy uça­ry ha­sap­lan­ýan “Air­bus A380” ky­sym­ly uça­ryň önüm­çi­li­gi­ni azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Şe­re­ke­tiň söw­da bo­ýun­ça mü­di­ri Jon Le­hi gel­jek­de uçar gat­naw­la­ry­nyň art­jak­dy­gy­ny, ýo­lag­çy­la­ryň bolsa gat­na­wyň şu ug­ru­na has köp üns ber­jek­dik­le­ri­ni bel­läp geç­di. Ol dün­ýä­niň köp san­ly iri şä­her­le­rin­de tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, uçar önüm­çi­li­gi­niň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem ol ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan Hy­ta­ýyň hem bu ugur­da esa­sy bäs­deş­le­ri­niň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.