“Hollywood”-yň ýyldyz aktrisalarynyň biri Odri Hepbörniň ömür-döredijiligi barada film surata düşüriler. Oskaryň dalaşgäri italiýaly režissýor Luka Guadaninonyň režissýorlyk etjek kinosynda Hepbörniň keşbini Runi Mara ýerine ýetirer. Maranyň şol bir wagtyň özünde prodýuserlik hem etjek kinosynyň ssenarisini Maýkl Mitnik ýazar. “Apple” kompaniýasynyň hemaýatkärligindäki filmde Hepbörniň şahsy durmuşy, filmleri barada söhbet açylar. 1929-1993-nji ýyllarda ýaşap geçen Odri Hepbörn “Hollywood”-yň nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Oskarly owadan aktrisa “Tiffanide ertirlik”, “Meniň ajaýyp leýdim”, “Sabrina”, “Rim kanikuly”, “Garaňky düşýänçä garaş”, “Şarada”, “Nädip milliony almaly” ýaly “Hollywood”-yň nusgawy filmlerinde surata düşüpdi. Oskardan başga-da Emmi, Toni, Gremmi baýraklaryny-da gazanan aktrisa ÝUNISEF bilen ynsanperwer çärelerine işjeň gatnaşýardy. Ady belli edilmedik filmiň surata düşüriljek we ekranlara çykaryljak wagty öňümizdäki günlerde mälim ediler.