“Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) filmlerinden soň başga bir köp bölümli uly ekran eseri “Harry Potter” kinolarynyň hem serialynyň surata düşüriljekdigi ozal habar berlipdi. Golaýda şol serialda surata düşjek artistleriň käbirleri mälim edildi. HBO-nyň önümi boljak serialyň ssenarisi “Harry Potter” eserleriniň asyl nusgasyna görä ýazylar. Serialda Jon Litgow Hogwartsyň müdiri Albus Dambldoryň, Janet MakTir düzgünleri berk berjaý edýän Minerwa MakGonagallyň, Paapa Essiedu Hogwartsyň özboluşly mugallymy Sewerus Sneýpiň, belli aktýor Nik Forst Hogwartsyň sakçysy Rubes Hagridiň keşplerini ýerine ýetirerler. Teatryň artistlerinden Lýuk Tallon b ilen Pol Waýthauz täze serialda degişlilikde Kuirinus Kuirelliň hem-de Argus Filçiň keşplerinde surata düşerler. Serialyň her möwsümi “Harry Potter” kitaplarynyň bir bölümi esasynda bolar. Mysal üçin ilkinji möwsüm “Harry Potter we pelsepe daşy” esasynda ekranlaşdyrylar.

Häzirlikçe serialyň 1-nji möwsüminde surata düşjek esasy gahrymanlar belli bolman, Harriniň, Greýnjeriň, Wizliniň keşplerini janlandyrjak ýaş artistleri seçip almak işleri dowam edýär. Şu wagta çenli 30 müňden gowrak dalaşgäriň gatnaşandygy habar berildi.

Şu ýylyň tomsunda ekranlaşdyrylyp başlanmagyna garaşylýan serial geljek ýylyň dowamynda “Max” platformasynda ýaýlyma berler.