Italiýanyň çempionaty Serie A-da Roma-Ýuwentus duşuşygynda birinji goluň pasyny beren Federiko Kieza 32-nji minutda şikes alyp, meýdançany terk edipdi. Lukmanlaryň gözegçiliginden geçen Kiezanyň şikesiniň agyrdygy we onuň üçin möwsümiň tamamlanandygy habar berildi. Bu bolsa Kiezanyň möwsümiň galan oýunlarynda Ýuwentusa kömeginiň degip bilmejekdigini aňladýar. Şol sanda çep dyzyndan şikes alan we 6 aýlap çykyş edip bilmejek 24 ýaşyndaky oýunçy Italiýanyň ýygyndysynyň oýunlaryna-da gatnaşmaz. Italiýanyň ýygyndysy mart aýynda Dünýä Kubogyna gatnaşmak ugrunda pleý-off duşuşyklary geçirer.