Gol­lan­di­ýa­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin uly ta­gal­la edil­ýär. Ýur­duň äh­li ot­lu­la­ry üçin ze­rur bo­lan ener­gi­ýa ýel­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa bi­len üp­jün edil­ýär. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
– 1-nji ýan­war­dan ot­lu­lar do­lu­ly­gy­na ýel ener­gi­ýa­sy bi­len iş­läp baş­la­dy – di­ýip, “Ne­der­land­se Spoor­we­gen” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ton Bo­on gür­rüň ber­di. Ýur­duň hö­kü­me­ti ot­lu­lar­da­ky elekt­rik ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni ýel ener­gi­ýa­sy ar­ka­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak ba­bat­da­ky tas­la­ma­ny 2018-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär­di. Ýö­ne ýur­duň çä­gin­dä­ki ýel ener­gi­ýa be­ket­le­ri­niň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len bu tas­la­ma has ir dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.
Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýekeje ýel be­ke­di­niň 1 sa­ga­dyň do­wa­myn­da ön­dür­ýän elekt­rik to­gy ot­ly­nyň 200 ki­lo­metr ýol geç­me­gi üçin ýe­ter­lik bol­ýar. Her gün “Ne­der­land­se Spoor­we­gen” kom­pa­ni­ýa­sy ot­ly ar­ka­ly 500 müň ýo­lag­çy gat­nad­ýar.
Şeý­le hem ge­çen ýy­lyň tom­sun­da Şot­lan­di­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry ýekeje gün ýel­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­dy­lar. Bu ugur­da bel­li bir de­re­je­de sy­nag ge­çi­ril­di.