Günorta polýusda uly bölegi buz bilen örtülen gury ýer bölegine Antarktida materigi diýilýär.
Materigi, onuň töweregindäki adalary we ony gurşaýan umman giňişligini öz içine alýan sebite Antarktika diýilýär.
«Antarktika» grek sözi bolup, «anti» – garşy we «arktikos» – demirgazyk, ýagny demirgazygyň garşysyndaky ýer diýmegi aňladýar.
Antarktidanyň meýdany 14 million inedördül kilometre barabardyr.
Günorta polýusda jemi 18 döwlete degişli 34 sany beket bar. Bu beketlerde dürli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Hiç bir döwlete degişli bolmadyk Antarktidada oturymly ilat ýok. Şeýle-de bolsa bu ýerde barlag geçirýän hünärmenler hemişe ýaşaýarlar.
Antarktidada buzuň ortaça galyňlygy 2 müň metre golaý bolup, has galyň ýerleri 4 müň metrden geçýär.
Eger-de Antarktidanyň buzuny bütin Ýeriň ýüzüne birmeňzeş galyňlykda ýazyp bolsady, onda biziň planetamyz 40 metr galyňlykda buz bilen örtülerdi.
Dünýädäki süýji suwuň 70 göterimi, buzlaryň 90 göterimi Antarktidada saklanýar.
Antarktidadaky «Wostok» bekedinde howanyň 91,2 derejede sowuk bolýandygy hasaba alyndy.
Materigiň iň sowuk aýy bolan awgustda howa ortaça 70 dereje sowuk bolýar.
Antarktidanyň gury ýerde o diýen baý ekoulgamy ýok hem bolsa, onuň kenarlaryndaky ummanlarda dürli deňiz jandarlary we ösümlikler gabat gelýär.
Ýer ýüzünde iň uly buzasty köl Antarktidadaky «Wostok» köli bolup, ol 1944-nji ýylda açyldy.
Dünýäde iň arassa suwly deňiz bolan Ueddella Antarktidanyň kenarynda ýerleşýär.