Käbir ösümlikler ýylyň ähli paslynda gülleýär. Käbiri bolsa diňe bahar paslynda gül açýar. Ösümlikleriň arasynda on ýyldan, hatda 80-100 ýyldan gülleýäni hem bar. Meksikada ýetişýän agawa atly ösümlik bolsa, ömründe diňe bir gezek gül açýar. Gurak ýerde bitýän bu ösümlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna hem girizilipdir. Bu ösümligiň ömri 60-100 ýyl aralygynda bolýar. Şol wagtyň dowamynda ýekeje gezek gülleýändigi üçin onuň güllänini görmek aňsat däl. Orta Amerikada we Meksikada ösýän hem bolsa, agawany yssy howaly başga ýerlerde hem medeni usulda köpeldip bolýar. Agawalaryň birnäçe görnüşi bolup, gök agawa olaryň iň ýaýrany hasaplanýar. Gök agawalara ideg etmek örän aňsat bolup, edil kaktuslar ýaly, o diýen köp suw talap etmeýär. Howla ekilen agawa ösümligine aýda bir gezek suw bermek ýeterlikdir.
Bu ösümligiň boýy 50-60 santimetre ýetýär. Şeýle-de bolsa onuň gülüniň uzynlygy 10 metre çenli bolýar. Ösümligiň aloe şekilli ýapraklarynyň arasyndan çykýan baldak tutuşlygyna gül hasaplanýar. Mämişi baldagynda sarymtyl reňkli ownuk güljagazlar açýar. Gül açandan soňra ösümlik ilki tohumlaýar, soňra guraýar. Ömründe bir gezek gülleýändigi we uzak ýaşaýandygy üçin bu ösümlige «ýüzýyllyk ösümlik» hem diýilýär.
Bu ösümlik diňe bezeg maksady bilen däl, eýsem, dokma we azyk senagatynda hem ulanylýar. Agawadan alnan şire süýji iýmitleriniň önümçiliginde peýdalanylýar.
Agawadan alnan toşabyň düzüminde az mukdarda glýukoza we köp mukdarda fruktoza bolýar. Dürli keselleriň öňüni almakda hem agawa toşabyndan peýdalanylýar.
Ösümligiň täsin taraplarynyň biri hem ony köpeltmegiň örän aňsatdygydyr. Ösümligiň süýri ýapraklarynyň birini kesip, topraga çalaja gömmek ýeterlikdir. Gömülen ýaprak suwarylanda, onuň täze şitili gögerip çykýar.