Myhmanhanalar dünýäniň dürli künjeklerinde syýahat söýüjilerine köp sanly mümkinçilikleri hödürleýär. Olaryň biri hem buz myhmanhanalarydyr. Buzdan ýasalan bu myhmanhanalar barada gürrüň edilende, «Buz myhmanhanasynda kim galýar?» diýen sowal ýüze çykyp biler. Emma şeýle myhmanhanalarynyň ägirt uly janköýerleri hem az däl. Buz myhmanhanalary gyşky dynç alşyňyza tapawut goşmak üçin iň amatly saýlawdyr. Doly buzdan ýasalan otagda buz düşeginde galmak ýalňyş pikir ýaly bolup görünse-de, myhmanhanalar myhmanlary üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýär. Köpüsi ýazda ereýän we gyşda täzeden gurulýan bu myhmanhanalarda durmuşyňyzyň dynç alyş tejribelerinden birine eýe bolmak isleseňiz, dünýäniň iň gowy buz myhmanhanalary bilen tanyş boluň!
«Icehotel» myhmanhanasy
Şwesiýanyň Ýukkasýarwi obasynda ýerleşýän bu myhmanhana buz myhmanhanalarynyň ilkinjisi bolup, häzirki wagtda dünýäniň iň uly buz myhmanhanasy hökmünde bellidir. Arktika tegeleginden 200 kilometr demirgazykda ýerleşýän bu myhmanhana her ýylyň dekabr aýyndan aprel aýyna çenli 50 müň adamy kabul edýär. Torne derýasynyň buzundan kiçijik oba görnüşinde gurlan desgada 55 otag bar. Myhmanlar üçin bu ýerde keýik derileri düşelipdir. Bu bolsa otagyň içini 2 derejede saklamaga ýardam edýär.
«Hotel del Glace» myhmanhanasy
Kanadanyň Kwebek welaýatyndan 4 kilometr uzaklykda ýerleşýän «Hotel del Glace» myhmanhanasy Demirgazyk polýusa golaý ýerleşip, bu ýerde myhmanlar üçin sauna we beýleki zatlar göz öňünde tutulypdyr. Myhmanhananyň kafesindäki içgiler buzdan ýasalan bulgurda hödürlenýär. Buz otaglarynda size berlen ýörite uky «tulumlarynyň» kömegi bilen ýyly we rahat uklap bolýar. Otaglaryň ählisinde buzy eretmeýän täsin daşlar bar.
«Sorrisniva Igloo» myhmanhanasy
1999-njy ýylda açylanda dokuz otagy bolan bu myhmanhana häzirki wagtda otuz otagly topluma öwrüldi. Olaryň dördüsi aýratyn bezelen otaglardyr. Myhmanlar Norwegiýanyň demirgazygynda deňiz kenarynda ýerleşýän «Sorrisniva Igloo» myhmanhanasynyň ýanaşyk ýerinde adaty çadyrlarda hem galyp bilýärler. Şeýle hem myhmanhanada buzly kafe we ýörite restoran bar.
«Iglu» myhmanhanasy
Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky kiçijik ýurt bolan Andorrada ýerleşýän «Iglu» myhmanhanasy dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Bu ýerde meşhur Grandwalira şypahanasy hem bar. Deňiz derejesinden 2350 metr beýiklikde ýerleşýän, bäş sany otagy bolan bu myhmanhana alty adama niýetlenendir. Beýlekilerden tapawutlylykda bu myhmanhanada çagalar we ulular üçin gezelenç etmek, lyžada we garda typmak ýaly gyzykly çäreler guralýar. Mundan başga-da, myhmanhananyň daşynda açyk kafe we restoran bar.
«Kirnekes Snow» myhmanhanasy
Dünýäniň dürli künjeklerinden buz heýkeltaraşlary tarapyndan her ýyl täzeden gurulýan «Kirnekes Snow» myhmanhanasynyň bezegi köplenç demirgazyk halklarynyň döredijiliginiň gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Myhmanhananyň 4 dereje sowuk otaglarynda müşderileri ýyly saklaýan ýörite uky «tulumlary» bar. Arktika sebitine mahsus içgiler bilen myhmanlary ýyladýan kafe we ýerli önümler bilen taýýarlanan tagamlary hödürleýän restoran bar. Bu ýerde sportuň gyşky görnüşlerinden başga-da, buzuň astyndan balyk tutmak ýaly ýerli halklara mahsus çäreler bilen gyzyklanmak bolýar.
«Snow Village» myhmanhanasy
Finlýandiýanyň bu myhmanhanany gurmak üçin her ýyl 15 müň tonna gar ulanylýar. 30 orunlyk myhmanhana Arktika tegeleginden 120 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Otaglardaky temperatura -2 bilen -5 aralygynda saklanýar.
«Hotel of Ice» myhmanhanasy
Ähli buz myhmanhanalary polýusyň töwereginde ýerleşmeýär. Rumyniýadaky myhmanhana Gündogar Ýewropadaky ilkinji buz myhmanhanasy hasaplanýar. 2005-nji ýyldan bäri Karpat daglarynyň jümmüşinde her ýyl üýtgeşik «Buz» myhmanhanasy gurulýar. Myhmanhana Fagaras daglarynyň iň uly buzluk köli Balea Leýkden alnan gar we buz böleklerinden gurulýar. Buz bölekleriniň uzynlygy 70 santimetre ýetýär we agramy 28 kilogram töweregi bolýar. Her ýyl 8 müňden gowrak myhmany kabul edýän myhmanhana bir aýyň dowamynda gurulýar.