Ka­tar döw­le­ti­niň mil­li awai­kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan “Qatar Air­wa­ys” öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da hu­su­sy­laş­dy­ry­lar. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Ak­bar al-Ba­ker Fran­si­ýa­nyň “La Tri­bu­ne” ga­ze­ti­ne be­ren be­ýa­na­tyn­da ha­bar ber­di.
Awia­kom­pa­ni­ýa­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak iş­leri ozal­dan bä­ri do­wam ed­ýär. 2009-njy ýyl­da ony bir­ža çy­kar­mak me­ýil­leş­di­ri­lip­di. Ýö­ne 2008-nji ýyl­da­ky yk­dy­sa­dy çök­gün­lik bu me­ýil­na­ma­nyň ba­şa bar­ma­gy­na päs­gel­çi­lik dö­re­dip­di. Kom­pa­ni­ýa­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak üçin maksatlaýyn işler do­wam ed­ýär.
Ak­bar al-Ba­ke­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Qatar Air­wa­ys” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­ha­sy 10 mil­liard dol­lar­dan geç­ýär. Onuň flo­tu­nyň dü­zü­min­de 192 uçar bo­lup, ol 150 ugurda gat­naw­la­ry ama­la aşyr­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň iri şe­re­ket­le­ri­niň bi­ri­dir.