Ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi, hu­su­sy pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, onuň dü­zü­mi­niň gi­ňel­di­lip, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, hormatly Prezidentimi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem hu­su­sy işe­wür­lik mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­lik işi­niň ugur­la­ry, ola­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry gi­ňel­dil­ýär, hu­su­sy işe­wür­ler ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­mek­de düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, yk­dy­sa­dy­ýet­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy bar­ha art­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» eziz Di­ýa­ry­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň anyk ugur­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li köp san­ly ki­çi we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry dö­re­dil­ýär.
Hu­su­sy işe­wür­ler ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňel­dip, hu­su­sy pu­da­gyň or­nu­ny has-da ber­kit­mek, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re da­ýan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni se­na­gat­laş­dyr­mak ba­bat­da alyp bar­ýan stra­te­gik sy­ýa­sa­ty esa­syn­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär­ler.
Go­laý­da «Eziz do­gan­lar» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ne Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da ýyl­da 3 300 000 ine­dör­dül metr ke­ra­mi­ki-be­zeg pli­ta­la­ry­ny we 120 000 sa­ny san­fa­ýans önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wo­dy gur­mak tas­la­ma­sy yna­nyl­dy.
Mun­dan baş­ga-da, po­lat ar­ma­tu­ra­nyň or­nu­ny tut­ýan kom­po­zit gur­lu­şyk ar­ma­tu­ra­sy­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Aý­na owun­tyk­la­ryn­dan gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan kom­po­zit ar­ma­tu­ra­sy­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Al­gap» hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de dö­re­di­len «Se­na­gat­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­de önü­miň nus­ga­lyk tap­gy­ry ön­dü­ri­lip, oňa de­giş­li döw­let eda­ra­la­ryn­dan hil, la­ýyk­lyk we howp­suz­lyk gü­wä­na­ma­la­ry alyn­dy. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly kwars çä­ge­sin­den aý­na sü­ýü­mi­ni ön­dür­mek we on­dan po­lat ar­ma­tu­ra­sy­nyň ýyl­da 15 müň ton­na­sy­nyň ýe­ri­ni tut­ýan, dür­li öl­çeg­dä­ki kom­po­zit gur­lu­şyk ar­ma­tu­ra­sy­ny ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Umu­man, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bi­len bag­ly iş­ler giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň yh­las-ta­gal­la­la­ry bi­len ha­ryt bol­çu­ly­gy­nyň, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gin­de bäh­bit­li iş­ler bi­ti­ril­ýär. Te­le­ke­çi­le­ri­miz ýo­ka­ry hil­li, bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri we ha­ryt­la­ry ön­dür­mek­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň we ha­ryt­la­ryň ýe­ri­ni tut­ýan ha­ryt­la­ry we önüm­le­ri ön­dü­rip, sarp edi­ji­le­re hö­dür­le­mek­de go­wy ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar­lar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ýe­ten be­lent de­re­je­si­ni eziz Di­ýa­ry­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­rin­de gör­ýä­ris. Döw­let Baştuta­ny­myz ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­na iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry, düýp­li gur­lu­şyk­la­ry ynan­ýar. Ola­ryň ýo­ka­ry hil­li amal edil­me­gi üçin ma­ýa go­ýum üp­jün­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär.
Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öň­kü­den-de go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­ma­ga dö­re­dil­ýän giň şert­ler üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Be­genç BA­BA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.