“Bugatti Chiron” ulagy ýol hereketine açyk bolan ýolda “Formula 1” ýaryşlaryndaky ulaglardan hem ýokary tizlik bilen hereket edip, täze rekord goýdy. Germaniýadaky awtobanda sagatda 417 km tizlige ýeten awtoulag adaty ulaglar üçin ýapyk bolan trassada has gaty gidip biljekdigini hem subut etdi. Ýokary tizlikde hasaba alnan rekord “Radim Passer” atly “YouTube” kanalynda görkezildi. Ýeri gelende bellesek, “Formula 1” ýaryşlarynda häzire çenli hasaba alnan rekord 397 km/sagat. “Bugatti Chiron” bolsa, sagatda 417 km tizlige ýetdi. Dünýäniň iň kuwwatly awtoulaglarynyň biri bolan “Bugatti Chiron”-yň 8 litrlik, 16 silindirli, dört turboly motory bar. Ulagyň kuwwaty 1500 at güýjüne barabar. Ulag 0-dan 100 kilometre 2,3 sekuntda ýetýär. 2019-njy ýylyň sentýabrynda “Bugatti” ulagy ýapyk trassada 490 km/sagat tizlige ýetipdi.