Wengriýada ýurduň Premýer-ministrini we täze hökümetini kesgitleýän parlament saýlawlary 3-nji aprelde geçiriler. Bu barada ýurduň Prezidenti Ýanoş Ader mälim etdi. «Saýlaw hukugyna eýe bolan Wengriýanyň raýatlary umumy işlerimiziň dolandyrylyşyny kime ynanyljakdygyny erkin çözüp bilerler» diýip, döwlet Baştutany resmi web sahypasynda goýlan beýanatynda belledi. Saýlawlaryň netijelerine görä, Wengriýanyň Milli mejlisinde 199 orun kesgitlener.