Indoneziýanyň Milli parlamenti ýurduň paýtagtynyň Jakartadan Borneo adasyna geçirilmegi babatda karara geldi. Bu barada ozal ýurduň döwlet ýolbaşçysy Joko Widodo mälim edipdi. Mejlisde geçirilen ses berlişikde bu teklip goldanyldy. Borneo dünýäniň iň uly adalarynyň biri hasaplanýar. Adada guruljak şäheriň ady Nusantara boljakdygy habar berildi. Täze paýtagtyň gurluşygy üçin 2022-nji ýylyň býujetinden 35 million dollar bölünip berlipdir. Ähli taslamanyň 35 milliard dolar bolmagyna garaşylýar. Jakartanyň 10 milliondan gowrak ilaty bar.