ABŞ-nyň aerokosmos edarasynyň (NASA) «Curiosity» marsohodynyň toplan toprak nusgalarynda ýaşaýşyň alamaty hasaplanýan karbonyň tapylandygy mälim edildi. Pensilwaniýanyň ştat uniwersitetiniň alymlary nusgalarda karbon atomlaryna duş gelendiklerini belleýärler. Alymlar bu açyşyň Gyzyl planetada ýaşaýşyň bolup biljekdigini alamatlandyrýandygyny, emma barlaglaryň dowam edýändigini belleýärler. Karbon Ýerdäki ähli ýaşaýşyň esasyny emele getirýär. Planetamyzdaky karbon atomlary atmosferadan topraga geçýär we gaýtadan atmosfera dolanyp, aýlawyny dowam etdirýär. Şeýlelikde, ol biologik işjeňligi döredýär. Mars bilen bagly täze açyş barada «Proceedings of the National Academy of Sciences» (PNAS) atly žurnalda ylmy makala çap edildi. Ýeri gelende bellesek, alty tigirli «Curiosity» enjamy 2012-nji ýylyň awgustynda Marsa gonduryldy. Ol ýeri gazyp, topragyň düzümini öwrenmäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.
Baýram BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.