“Ýüzükleriň hökümdary” serialynyň ady mälim edildi, ilkinji treýleri görkezildi

167

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Ýüzükleriň hökümdary” serialynyň ilkinji wideo treýleri görkezildi, şol sanda serialyň ady resmi ýagdaýda mälim edildi. Şu ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap Amazon Prime-de görkeziljek serialyň ady “Ýüzükleriň hökümdary: güýjüň ýüzükleri” (The Lord of the Rings: The Rings of Power) diýlip habar berildi. Dünýäniň iň gymmat serialy hökmünde görülýän ekran eserindäki wakalar uly syr hökmünde saklanyp gelýärdi. J.D. Peýn hem-de Patrik MakKeýiň ýolbaşçylygynda taýýarlanan serialdaky wakalar Ikinji döwürde bolup geçýär. Serialda Sauronyň Ýeke ýüzügi alyp, Orta Dünýädäki hökmürowanlygy barada söhbet açylýar. 8 bölümden ybarat bolan serial 2-nji sentýabrdan başlap her hepdäniň anna güni Amazon Prime Video streaming platformasynda ýaýlyma berler.