«Canalys» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalary mälim etdi. Bu döwür satylan smartfonlaryň 20 göterimini «iPhone» emele getiripdir. Şeýlelikde, «Apple» dünýäniň iň köp smartfon satan kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň birinji orny eýelemegi «iPhone 13» smartfonuna bolan islegiň uly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. «Samsung» ikinji ýeri eýeläpdir. Üçünji orny eýelän «Xiaomi» bolsa umumy satuwyň 12 göterimine eýe boldy. Hytaýyň OPPO we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde 9 göterim we 8 göterim bilen öňdäki orunlary eýeleýär.
Hojaýüsüp ANNAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.