Ýurdumyzyň dagdyr düzlüklerinde, derýadyr köllerinde jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Ýurdumyzda gabat gelýän jandarlaryň biri hem gyr aýraklarydyr. Bu jandarlar çalasyn we ýüwrük bolup, daglaryň kertlerinden, iri daşly ýapgytlardan aňsat inmegi, dik ýapgytly daglara ylgap çykmagy başarýarlar. Olar onlarça metr beýiklikden aşaklygyna säginmän böküp bilýär. Düşjek ýerleri daşlyk, ýylçyr gaýa bolsa-da, ilki şahlarynyň üstüne düşüp, aşyr atyp, ýene-de aýaklarynyň üstüne dik galyp gaçmaklaryny dowam etdirýärler. Gyr aýraklarynyň sesi goýunlaryň mäleýşine meňzeýär. Olar ys alşynyň güýçlüdigi sebäpli, duşmanlaryna şemalyň öwüsýän tarapyndan golaýlaşmagyna ýol bermeýärler. Eşidiş ukyby hem güýçli bolansoň, assyrynlyk bilen hereket etmäge çalyşýarlar. Olar käbir ýabany haýwanlaryň barmasy kyn bolan daglaryň beýik ýerlerindäki ot-çöpli ýerlerde ýaşaýarlar. Şol ýerler olara goranmak üçin amatly şert döredýär. Dag-daşlardan syzylyp çykýan çeşmeler olary suwdan hor etmeýär. Köplenç süri bolup gezýän gyr aýraklarynyň aprel aýynda owlajyklary dünýä inip, olar köplenç ekiz bolýar. Gyr aýraklary tomsuň yssy günlerinde wagtlaryny günuzyn gaýalaryň, uly daşlaryň salkyn saýalarynda kölegeläp geçirýärler. Gyr aýraklarynyň esasy ýagysy möjekler bolsa-da, olaryň möjekleriň pidasy bolýan wagtyna duşmak gaty kyndyr. Gyr aýraklarynyň sanynyň köpelmeklerine, esasan hem, olaryň gezýän, suwlaýan ýerlerinde mallaryň bakylmagy täsir edýär. Gyr aýraklaryny goramak we olaryň sanyny köpeltmek işleri ýörite döredilen döwlet goraghanalarynda zähmet çekýän işgärleriň esasy wezipesi bolup durýar.
Bahar Hemraýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işjeň agzasy.