Ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­riň we dür­li so­wuk­la­ma ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak öz sag­ly­gy ba­ra­da he­mi­şe ala­da ed­ýän adam­lar ta­ra­pyn­dan my­da­ma hem-de ne­ti­je­li ama­la aşy­ryl­ýan ul­gam­la­ýyn, üz­nük­siz ha­dy­sa bo­lup dur­ýar. Kä­bir adam­lar bol­sa bu ugur­da­ky iş­ler di­ňe möw­süm­le­ýin ýü­ze çyk­ýan ýi­ti wi­rus ýo­kan­jy­nyň epi­de­mi­ýa­sy­na gar­şy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­mi­kä di­ýip pikir edýärler. Ka­da­ly iý­mit­len­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, spor­tuň iş­jeň gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak be­de­niň so­wuk­la­ma ke­sel­le­ri­ne gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ber­kid­ýär, ony gurp­lan­dyr­ýar.
Ýi­ti res­pi­ra­tor wi­rus ýo­kan­jy im­mu­ni­te­ti gow­şak adam­lar­da has köp ýü­ze çyk­ýar. Eger adam­da be­de­niň ru­hy duý­gur­ly­gy­na erk et­mek we ony do­lan­dy­ryp bil­mek en­di­gi ýok bol­sa, onuň ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by di­ňe ýo­kanç­la­ra däl, eý­sem, dart­gyn­ly-stres ýag­daý­la­ra hem gar­şy­lyk gör­kez­me­li bol­ýar. Bu bol­sa im­mu­ni­te­tiň «ün­sü­ni» esa­sy işin­den sow­ýar.

IM­MU­NI­TE­TIŇ BERK BOL­MA­GY ÜÇIN NÄ­ME­LER ZE­RUR?
1Maş­ga­la­da we iş­de ýa­kym­ly ru­hy gur­şa­wyň bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly.
Ga­har­lan­maň, her bir ýag­daý­da ru­hy de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­lap, ýy­gy-ýy­gy­dan ýyl­gy­ryň! Ga­har­lan­ma­gyň dart­gyn­ly­ly­gy (stre­si) dö­red­ýän­di­gi yl­my taý­dan su­but edi­len. Dart­gyn­ly­lyk­da adam be­de­ni­niň wi­rus­la­ra gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by pe­sel­ýär. Se­bä­bi, im­mu­ni­tet öz «ün­sü­ni» be­de­ni dart­gyn­ly ýag­daý­dan çy­kar­ma­ga gö­nük­dir­ýär.

Gün ter­ti­bi­ni dog­ry ber­jaý et­me­li.
Adam be­de­ni­niň te­bi­gy gur­lu­şy­na la­ýyk­lyk­da, uk­la­mak bi­len iş­jeň­li­giň, iý­mit­len­mek bi­len ge­ze­len­jiň kes­git­li çal­şy­gy bol­ma­ly­dyr. Bu en­dik­ler ir­ki ça­ga­lyk döw­rün­de ke­ma­la ge­lip, ada­myň bü­tin öm­rün­de gal­ýar. Şol se­bäp­den ça­ga­ny ir­ki ça­ga­lyk döw­rün­den baş­lap, gün ter­ti­bi­ne uý­gun­laş­dyr­ma­ly hem-de ony her gün do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de ter­bi­ýe­le­me­li. Gün­diz­ki uky­ny hök­man al­mak şer­ti bi­len 7 ýa­şa çen­li ça­ga­nyň gün ter­ti­bi­ni dog­ry ber­jaý et­me­gi sag­ly­gyň gi­re­wi­dir. Ir bi­len sa­gat 08:00-dan soň ça­ga dü­şe­gin­de uzak wagt­lap gal­ma­ly däl, ag­şam bol­sa dü­şe­gi­ne sa­gat 21:00-dan gi­jä gal­man geç­me­li. Gi­je­ki uka git­mez­den öň, ça­ga özü­ni ra­hat alyp bar­ma­ly we dart­gyn­ly mult­film­le­re se­ret­me­li däl, aşa güýç­li saz­la­ry diň­le­me­li däl.

Ka­da­ly iý­mit­len­me­li
Be­de­niň res­pi­ra­tor ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len A wi­ta­mi­ni­ne baý önüm­le­ri ka­bul et­me­li. Hök­ma­ny su­rat­da ösüm­lik ýa­gy go­şu­lyp, ter kä­şir­den taý­ýar­la­nan iş­däa­ça­ry, mes­ge aty­lyp taý­ýar­la­nan kä­di üw­me­ji­ni, ýu­murt­ga, do­rag, ýo­gurt, gaý­na­dy­lan et, bug­la­nan ba­lyk ýa­ly azyk önüm­le­ri­ni, şeý­le-de mi­we­le­ri iý­me­li. B to­pa­ry­nyň wi­ta­min­le­ri be­de­niň umu­my alyş-ça­lyş ha­dy­sa­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýar, gan dö­re­di­ji ul­ga­ma oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär, bu bol­sa sag­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şo­nuň üçin dür­li kö­sük­li ekinleriň dänelerinden süýtde taýýarlanan şü­le­le­ri ka­bul ediň. Gök önüm­ler we mi­we­ler C wi­ta­mi­ni­ne has baý­dyr. Gök önüm­ler­den we mi­we­ler­den dür­li ta­gam­lar taý­ýar­la­nan­da, ola­ryň dü­zü­min­dä­ki C wi­ta­mi­ni dar­ga­maz ýa­ly, hök­man gyz­gyn­ly­gyň oňaý­ly de­re­je­si saý­la­nyl­ma­ly­dyr. Ola­ry ter dog­ra­lan gör­nü­şin­de hem iý­me­li­dir. Gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri az-az­dan, yzy­gi­der­li iý­me­li. D wi­ta­mi­ni­ne baý önüm­ler­den dä­ne­li­ler, ma­ňyz­lar, et, ba­lyk, mes­ge we ýu­murt­ga hem sag­ly­ga örän peý­da­ly­dyr we bular im­mun ul­ga­my­ny ber­kid­ýär.
Di­ňe ka­bul ed­ýän iý­mit önüm­le­ri­mi­ze däl, eý­sem, ola­ry ka­bul edi­şi­mi­ze we ýy­gy­ly­gy­na hem üns ber­mek wa­jyp­dyr.

Aras­sa, açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­li.
Şun­da ho­wa we be­de­ni D wi­ta­mi­ni bi­len baý­laş­dyr­ýan Gün wan­na­la­ry wa­jyp­dyr. Hat­da bu­lut­ly ho­wa­da hem Gün wan­na­la­ry­ny ka­bul edip bo­lar, se­bä­bi ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler bu­lut gat­la­gyn­dan ar­ka­ýyn ge­çip bil­ýär­ler. Ge­ze­lenç et­mek üçin da­şa­ry çy­ky­lan­da, ça­ga­ny pas­la gö­rä ge­ýin­dir­mek örän wa­jyp­dyr, em­ma köp maş­ga­la­lar­da ça­ga üşe­me­sin di­ýip, ony ge­re­gin­den ar­tyk, gat-gat ge­ýin­dir­ýär­ler. Bu bol­sa ça­ga­nyň gyz­ma­gy­na, der­le­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, der­län ça­ga­ny şe­mal kak­ýar-da, ol syr­kaw­la­ýar. Ýe­ňil, ýö­ne ýy­ly ge­ýin­mek ça­ga­nyň he­re­ket et­me­gi­ne iter­gi ber­ýär we ol he­re­ket ar­ka­ly hem ýy­lan­ýar. Is­len­dik pa­syl­da hem bir­sy­dyr­gyn ho­wa bol­ma­ýar. Onuň de­re­je­si üýt­gäp dur­ýar. Bu has-da gyş pas­ly­na mah­sus­dyr. He­mi­şe ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, üns­li geý­niň we bu ba­bat­da ça­ga­la­ry­ňy­za-da gö­zeg­çi­lik ediň! Da­şa­ry çy­ka­ny­ňyz­da, hök­ma­ny su­rat­da, agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­ky­nyň!

Be­de­ni tap­la­ma­ly. Sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly.
Suw bi­len tap­la­mak – bu bir­nä­çe usul­lar­dan yba­rat­dyr. Sü­pü­rin­mek, üs­tüň­den suw guý­mak, aýak üçin wan­na­lar, so­wuk we gyz­gyn su­wy ça­lyş­mak ar­ka­ly duş… Em­ma, il­ki bi­len, tap­lan­ma­gy otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da­ky de­re­je­de sü­pü­rin­mek­den baş­la­mak ça­ga­lar üçin hem amat­ly­dyr.
Her gün ir­den be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak be­de­ni tap­la­ma­gyň iň ne­ti­je­li usul­la­ry­dyr. Çün­ki gün­de­lik iş­jeň he­re­ket be­de­niň gan aý­la­ny­şy­gy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Aý­ra­tyn-da, ir­den­ki be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek her bir adam üçin wa­jyp­dyr. Ir­den­ki iş­jeň he­re­ket adam be­de­ni­ni şol gün et­jek iş­le­ri­ne taý­ýar­la­ýar, gü­nüň do­wa­myn­da şäh­da­çyk, ru­hu­be­lent bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik gi­gi­ýe­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­ny berk ber­jaý et­me­li.
Her gün öý otag­la­ry­ny ýe­le­ji­ret­me­li we olar­da yzy­gi­der­li çyg­ly aras­sa­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­me­li. Se­bä­bi gu­rak otag­da to­zan bö­le­jik­le­ri gaý­ma­lap dur­ýar­lar. Mu­ny ulal­dy­jy en­jam ar­ka­ly hem syn­lap bol­ýar. Çyg­ly aras­sa­la­ýyş iş­le­rin­den soň, otag­la­ryň ho­wa­sy­ny üzär­lik tü­tet­mek ar­ka­ly hem tä­miz­le­me­li.
Ir­ki ýaş­dan ça­ga­lar­da na­har iý­mek­den öň we soň, ha­jat­ha­na­dan soň el­le­ri sa­byn­lap ýuw­mak en­di­gi­ni ter­bi­ýe­le­me­li. Ça­ga­lar üçin bu­run boş­lu­gy­nyň, bo­kur­da­gyň aras­sa­ly­gy we gi­gi­ýe­na­sy has wa­jyp­dyr. Ça­ga agyz-bu­run boş­lu­gy­ny my­la­ýym suw bi­len çaý­ka­ma­gy en­dik et­di­riň! Mun­dan baş­ga-da, öý­de mik­rok­li­ma­ty dö­ret­mek ze­rur, ho­wa­nyň +20 – 22o de­re­je­si we 50 – 60 gö­te­rim çyg­ly­ly­gy dem alyş ýag­da­ýy­ny ka­da­laş­dyr­ýar hem-de ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu­lar im­mu­ni­te­ti ber­kit­me­giň der­man­lyk se­riş­de­siz, ada­ty, ýö­ne hök­man ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li ne­ti­je­li usul­la­ry­dyr. Bu usul­lar­da gar­şy gör­kez­me­ler ýok­dur.

Ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny et­dir­me­li.
Ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň ýe­ne bir ne­ti­je­li, ýö­ri­te­leş­di­ri­len usu­ly­dyr. Ila­ty möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy san­jym­lar bi­len üp­jün et­mek iş­le­ri ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la goý­lan. San­jym iş­le­ri adam­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýär. Her bir adam öz maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, san­jym et­di­rip bi­ler. Ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry, il­ki bi­len, san­jy­my alan her bir ada­myň, ga­ly­ber­se-de, onuň daş-tö­we­re­gin­dä­ki­le­riň ne­ti­je­li go­rag­ly­ly­gy­nyň ke­pi­li­dir. Çün­ki olar be­den­de an­ti­te­la­la­ryň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär, be­de­niň möw­süm­le­ýin ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, hä­zir­ki wagt­da ho­wa­nyň aky­my­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, ho­wa şert­le­ri­niň adam be­de­ni­ne ýe­ti­rip bi­läý­jek oňaý­syz tä­sir­le­ri­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak, ola­ry öz wag­tyn­da çal­şyp dur­mak, el­le­ri ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn­lap ýuw­mak, köp­çü­lik ýer­le­rin­de 2 metr­den az bol­ma­dyk howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak ýa­ly ka­da­lar hök­ma­n ber­jaý edil­me­li­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.