Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, ony öňdebaryjy pudaga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär.
Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji saparlaryny ýurdumyzyň welaýatlaryndan başlap, ol ýerlerdäki nebitgaz känlerini özleşdirmek babatda möhüm maslahatlar geçirdi. Halk hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň halkyň bähbidine gönükdirilmegi bolsa ýurdumyzyň ýokary ýaşaýyş mümkinçiliklerini özünde jemleýän ajaýyp Diýara öwrülmegine ýardam berdi. Bu hakykat döwlet Baştutanymyzyň Mary, Lebap, Balkan we Ahal welaýatlaryna bolan iş saparlarynda özüniň taryhy beýanyny tapdy.
Gahryman Arkadagymyz bu iş saparlarynyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns çekdi. Bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi welaýatlardaky känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Daşary ýurtly şeýle hyzmatdaşlar bilen bilelikde, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy çalt depginler bilen dowam etdirilýär.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi barada aýdylanda bolsa, bu taslama milli Liderimiziň başlangyjy bilen dörän ägirt uly taslamalaryň biridir. Ýurdumyzyň energiýa çeşmelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek babatdaky energetika strategiýasynyň möhüm hem-de aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň «Biziň ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrýar. Netijede, biz soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik» diýen sözleri ýurdumyzda turba geçirijileri gurmak, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek wezipesine diýseň jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Bu gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Pakistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bu gaz geçirijini arassalanan tebigy gaz bilen üpjün eder.
Transmilli gaz geçirijisi bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň halkara syýasy ähmiýeti hem diýseň uly bolup, ol goňşy Owganystanyň içinde syýasy durnuklylygy üpjün etmäge hem öz oňyn täsirini ýetirer. Bu taslamanyň oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetine ýetirjek oňyn täsiri bolsa bimöçberdir, sebäbi tebigy gaz ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biri bolmak bilen, islendik ýurduň ykdysadyýetini herekete getiriji güýçdür.
Häzirki wagtda hem Owganystan tarapy bilen bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek babatda işjeň gepleşikler alnyp barylýar. Golaýda, Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda saparda bolan bolsa, ýaňy-ýakynda Owganystanyň täze hökümetiniň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki hem ýurdumyzda saparda bolup, bu saparyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi barada gepleşikleriň geçirilendigini, ýakyn wagtda Owganystanda bu taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga beriljekdigini belledi.
Ine, TOPH bilen bir hatarda beýleki iri taslamalar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginde ösdürilmegine mynasyp goşant goşar. Şeýle taslamalar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini diňe bir öz halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbidine ulanmak üçin giň mümkinçilikler döredýär.
Berdi BAÝRAMMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.