“Space Entertainment Enterprise” (SEE) atly kinokompaniýa kosmos giňişliginde platforma döretjekdiklerini mälim etdi. SEE-1 atly platformada sport we güýmenje desgalary bilen bir hatarda kiçiräk kinostudiýa hem bolar. Bu studiýadan film kompaniýalary we beýleki isleg bildirýänler peýdalanyp bilerler. Bu taslamanyň 2024-nji ýyla çenli durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Soňky ýyllarda asman giňişligi has köp maksatlar üçin peýdalanylýar. SEE-1 atly platformany “Axiom Space” atly kompaniýa döreder. Bu kompaniýanyň ýolbaşçysy doktor Mihael Baýn SEE-1-iň kosmos gaýtalanmajak giňişligini görkezjekdigini belledi.