Dünýädäki iň gymmat gawun ýubari hasaplanýar. Bu gawun Ýaponiýada ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Bu gawun ýapon adalarynda köp wagtdan bäri meşhurdyr. Dünýä ýurtlarynda bolsa bu gawun diňe bir datly tagamy bilen däl-de, gymmat bahasy bilen bellidir. Ýaponlar dürli ösümlikleriň we miweleriň üýtgeşik hem-de täsin sortlaryny döreden seleksionerler hökmünde bellidir. Bu gawun häzirki wagtda Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa ýurtlarynyň iň gymmat restoranlarynyň menýusynda orun aldy. Gawunyň ady Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynyň Ýubari welaýatynda ilkinji gezek ösdürilenliginden gelip çykýar. Bu sebitde ol häzirki wagtda hem giňişleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Ýapon seleksionerleri bu gawunyň üýtgeşik tagamynyň topragyndaky wulkan küli bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Süýrümtik gawunyň daşy torly bolýar. Şeýle-de bu gawunyň örän ýakymly ysy bar. Bu bakja ekinini ösdürip ýetişdirmek köp zähmeti talap edýär. Muňa garamazdan, ýubari gawuny ýapon halkynyň aýratyn guwanjy hasaplanýar. Ýerli ilat bu gawuny, esasan, sowgat hökmünde bermegi halaýar.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby