Öý otaglaryny we iş ýerlerinde bezeg üçin akwariumlar ýa-da güldanlar goýulýar. Soňky ýyllarda ösümlikleriň öý şertlerinde idedilmegine degişli dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem “Smart Landscape GrowFrame” diýlip atlandyrylýar. Güldanyň kartina meňzeş, diwara berkidilen bu görnüşinde hakyky gül ekilýär. Özboluşly peýzažy emele getirýän gurluşda adamlar islendik ösümligini ekip bilýärler. Täsin güldan islendik öýe, ofise, aşhana we beýleki jemgyýetçilik ýerlerine ajaýyp bezeg berip biler. Diwara berkidilen gurluşdaky ösümlikler janly sungat eserini emele getirýär. Yşyklandyryjy diodly indikatorlar bolsa, pes temperaturada işläp, onuň bezegini artdyrýar. Şeýle hem bu diodlar ösümlikleriň kadaly ösmegine ýardam berýän ak şöhläni ýaýradýar. Oturdyljak ösümlikleriň ýagtylygy näderejede halaýandygyny göz öňünde tutup, yşyklandyryşyň derejesini saýlap, 6, 8, 12 ýa-da 16 sagatlyk wagtlary gurnap bolýar. Ony uzak aralykdan ýa-da el bilen dolandyrmak mümkin. Bu özboluşly hem-de täsin gurluş diňe bir otagyň bezeg aýratynlygyna görk bermek bilen çäklenmän, otagyň içiniň howasyny hem arassalamaga, tämiz saklamaga ýardam edýär.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby