Taitiniň kenarlarynda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda işleýän fransuz barlag geçirijileri iň uly merjen rifini ýüze çykardylar. Uzynlygy üç kilometre, ini 30-dan 65 metre deň bolan bu merjen rifi 35-70 metr çuňlukda ýerleşýär. Bu rif, ilkinji nobatda, uly çuňluklarda ýerleşýändigi sebäpli hakyky hazyna öwrüldi. Dünýä belli merjen rifleriniň köpüsi, adatça, 25 metrden pes bolmadyk ýerde ýerleşýändigi hasaba alnypdyr. Rifiň esasy aýratynlyklarynyň biri, global ýylylyk döwründe seýrek duş gelýän tebigy ýagdaýydyr.
– Bu rifiň üýtgemedik ýagdaýda tapylmagy gowy habar we geljekki tebigaty goramak tagallalaryna ylham berip biler. Biz has uly çuňlukda ýerleşýän merjenleriň global ýylylykdan gowy goralyp bilinjekdigine ynanýarys – diýip, Fransiýanyň Milli ylmy gözleg merkeziniň (CNRS) barlag geçirijisi Letisia Heduen aýtdy.
Häzirki wagtda dünýädäki merjenler suwuň gyzmagyndan we ummanlaryň hapalanmagyndan ejir çekýärler. Köp ýerde rifiň ýok bolmagyna sebäp bolup biljek ýagdaýlar ýüze çykýar. Tebigy betbagtçylyklar hem olara ýaramaz täsir edýär.
ÝUNESKO-nyň metbugat gullugy bu missiýanyň ummanlaryň düýbüni kartalaşdyrmak başlangyjynyň bir bölegine öwrülendigini habar berdi. Mundan başga-da, halkara guramalary tarapyndan 2021-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür «Durnukly ösüş üçin umman barlaglarynyň onýyllygy» diýlip yglan edildi. ÝUNESKO-nyň wekilleri merjen rifleriniň beýleki jandarlar üçin möhüm iýmit çeşmesidigini, şonuň üçin olaryň tapylmagynyň biodürlüligi öwrenmekde kömek edip biljekdigini belleýärler.