ABŞ-nyň Arizona uniwersitetiniň hünärmenleri howadaky kömürturşy gazyny ýygnaýan mehaniki sütünleri işläp taýýarladylar. Hünärmenler bu usul arkaly kömürturşy gazynyň ýygnalyp bilinjekdigini belleýärler. Uniwersitetiň mugallymy, professor Klaus Lakner bu enjamlaryň howanyň üýtgemeginiň öňüni alyp biljekdigini, bu mehaniki sütünlerde himiki şepbigi bolan halkalaryň bardygyny, olaryň diametriniň 1,5 metre barabardygyny aýdýar. Halkalaryň arasynda 5 santimetr boşluk bolup, olaryň arasynda howadaky kömürturşy gazy ýygnalýar. Olar 20 minutyň dowamynda dolýar. Soňra bu gaz aşakda ýerleşdirilen çeleklere geçirilýär we bug bilen arassalanyp, aýratynlykda ýapyk ýerde saklanýar. Uniwersitet geçen ýyl bu taslama üçin 2,5 million dollarlyk serişde bölüp beripdir. Professor Lakner, ilkinji nobatda, her günde müň tonna kömürturşy gazyny ýygnaýan üç desganyň guruljakdygyny habar berdi. Bu desgalaryň ilkinjisi şu ýylyň aprel aýynda işe giriziler.
Oguljennet MOMODOWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.