Fransiýanyň Albi şäherindäki restoranlaryň biri adamlaryň biri-biri bilen gepleşmegi we söhbetdeş bolmagy üçin mugt hyzmaty ýola goýdy. Restorana gelýän müşderiler mugt kofe ýa-da beýleki içgilerden peýdalanmak üçin telefondan daşlaşmaly bolýarlar. Müşderilere restorana giren wagty ýörite gutujyga telefony goýup girmek maslahat berilýär. Restoranda bolan döwründe jaň gelen halatynda-da telefony almaga rugsat berilmeýär. Telefonlar restoranyň işgärleri tarapyndan gözegçilikde saklanýar. Restoranyň eýeleri bu hyzmaty ýola goýmak bilen müşderileriň öz aralarynda söhbetdeş bolmagyny maksat edinýär. Ýylyň başynda ýola goýlan bu hyzmatdan müşderileriň eýýäm 90 göterimi peýdalanypdyr.
Nurberdi AKMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.