«Oxford Economics» guramasynyň taýýarlan «Global Cities Index 2026» reýtingine görä, Nýu-Ýork şäheri dünýäniň iň öňdebaryjy şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu abraýly sanawda ikinji orny London, üçünji orny bolsa Pariž şäheri eýeledi. Umumylykda, bäsleşikde jemi müň sany şähere ykdysadyýet, adam kapitaly, durmuşyň hili, daşky gurşaw we dolandyryş netijeliligi ýaly bäş esasy ölçeg boýunça baha berildi. Ilkinji ýüzlükde Ýewropanyň 44 şäheri, ABŞ-nyň 30 şäheri we Kanadanyň dört şäheri bar.

Iň oňat şäherleriň ilkinji onlugy Nýu-Ýork (100 bal), London (98,8 bal), Pariž (93,4 bal), Sietl (92,8 bal), San-Fransisko (91,9 bal), Dublin (91,3 bal), Boston (90,7 bal), San-Hose (89,6 bal), Tokio (89,5 bal) we Sýurih (89,1 bal) şäherlerinden ybarat boldy. Derňewleriň netijeleri amerikan şäherleriniň ykdysadyýet we adam kapitaly boýunça öňdeligi saklaýandygyny, ýewropa şäherleriniň bolsa ýaşaýyşyň hili, ekologik netijelilik we dolandyryş durnuklylygy boýunça oňyn bahalara eýe bolandygyny görkezdi. Nýu-Ýork ykdysady kuwwaty üçin iň ýokary baha eýe boldy, Sietl, San-Fransisko we San-Hose bolsa öňdebaryjy tehnologiýa merkezleri hökmünde tapawutlandy.

Şol bir wagtyň özünde, London öz uniwersitetleri, işewürlik gurşawy we hünärmenleri çekmek ukyby bilen adam kapitaly boýunça dünýäde iň ýokary görkezijä eýe bolsa-da, ýaşaýyşyň hili boýunça 77 bal alyp, gowşak netije görkezdi. Barlagda uly şäherleriň umumy meseleleriniň biri hökmünde ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi bellenilip geçildi. Şeýle hem gozgalmaýan emlägiň ýokary bahasy sebäpli London, Dublin we Nýu-Ýork şäherleriniň ballaryny ýitirendigi aýdyldy.

Reýtingdäki üýtgeşmelere görä, Ýewropa şäherleriniň arasynda iň uly ösüşi 109 basgançak ýokary galyp, 61-nji orny eýelän Warşawa görkezdi. Şeýle hem Stambul (+42), Madrid (+14), Budapeşt (+14), Helsinki (+12), Brýussel (+9), Berlin (+7), Lion (+7), Sýurih (+6), Oslo (+6) we Amsterdam (+6) öz orunlaryny ep-esli gowulandyrdylar. Muňa garşylykly ýagdaýda, iň uly pese gaçyşy 44 basgançak aşak düşüp, 148-nji orny eýelän Lissabon görkezdi, Rim şäheri bolsa sekiz basgançak ýitirip, 119-njy orny eýeledi.