Pe­ru­da­ky Ma­çu-Pik­çu ga­dy­my şä­her ha­ra­ba­lyk­la­ryn­da tä­ze bi­na­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu açyş la­zer teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len dron­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­dy. Ta­ry­hy şä­he­riň mer­ke­zin­den ba­ry-ýo­gy 8 ki­lo­metr uzak­lyk­da, ir­ki dö­wür­ler­de dür­li baý­ram­çy­lyk­la­ryň ge­çi­ri­len ýe­ri bo­lan «Chacha­bam­ba» at­ly ýer­de, to­ka­ýyň için­de daş bi­na ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le hem bu ýer­de 14 ham­mam hem-de suw ka­na­ly bo­lup­dyr. Göz­leg to­pa­ry­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Pol­şa­nyň War­şa­wa uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri Do­mi­ni­ka Sýeç­kows­ka bu ýe­re di­ňe ar­tyk­maç­lyk­dan peý­da­lan­ýan adam­la­ryň ba­ryp bi­len­di­gi­ni, Ma­çu-Pik­çu­wa bar­mak üçin il­ki «Chacha­bam­ba»-da­ky ham­mam­da aras­sa­lan­ma­ly bol­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär.
And dag­la­ry­nyň gün­do­ga­ryn­da de­ňiz de­re­je­sin­den 2 430 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Ge­çen asy­ryň ba­şyn­da ta­py­lan bu ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my 1983-nji ýyl­da ÝUNES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Şä­her XIV asyr­da In­ka­lar ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp­dyr.

Bi­ke ŞAL­LY­ÝE­WA,
Gö­rog­ly et­ra­by­nyň 1-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.