Käbir köprüler ýerleşýän ýerleri we binagärlik aýratynlyklary bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Käbir köprüleriň üsti hemişe diýen ýaly balykçylardan doly bolýar, käbirinde bolsa dürli restoranlar ýerleşýär. Biz şu makalamyzda dükanly köprüler baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris. Bazar köprüsi diýlip atlandyrylýan bu gözel ýerlere jahankeşdeler we surata düşürmegi halaýanlar ýygy-ýygydan barýarlar.
Ýapyk köpri, Bolgariýa
Bolgariýanyň demirgazygyndaky Plewen şäherine ýakyn Loweç şäherindäki Osym derýasynyň boýunda ýerleşýän Ýapyk köpri 1874-nji ýylda binägär Kolo Fiçeto tarapyndan guruldy. Agaç köpri ýykylandan soňra 1931-nji ýylda betondan gaýtadan gurlan hem bolsa, 1981-nji ýylda ýene bir gezek agaçdan ýasaldy. Köprüdäki dükanlarda, esasan, ýadygärlik sowgatlar we şaý-sepler satylýar. Uzynlygy 106 metr bolan bu köprüde Wasil Lewskiý ýadygärliginiň, Loweçdäki galanyň we ybadathanasynyň nusgasy bar. Şeýle hem bu köpriniň üstünde kafe ýerleşýär.
Rialto köprüsi, Italiýa
Dünýäniň iň köp syýahatçysyny özüne çekýän ýurtlaryň biri bolan Italiýanyň ajaýyp şäheri Wenesiýa kanallaryň akymyny goramak maksady bilen adalardan ybarat şähere öwrüldi. Wenesiýanyň kanallarynyň üstünde onlarça köpri bolup, 1591-nji ýylda binägär Antonio de Ponte tarapyndan gurlan Rialto köprüsi has tapawutlanýar. Sebäbi bu köpriniň üstünde birnäçe dükan bar. Romantizmiň iň möhüm «duralgalarynyň» biri bolan Wenesiýanyň iň owadan köprüsi Uly kanala bakyp duran ajaýyp görnüşi bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Paltni köprüsi, Angliýa
Bat Angliýanyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän taryhy şäherdir. Eýwon derýasynyň üstünde gurlan taryhy köpriniň iki tarapynda birnäçe dükan bar. Paltni köprüsi 1744-nji ýylda Eýwon derýasynyň beýleki tarapyny ösdürmek maksady bilen binägär Robert Adam tarapyndan pallad görnüşinde guruldy. Uzynlygy 45 metre, ini 18 metre deň bolan köpri üç segmentli «ýaýyň» üstünde ýerleşip, agram olaryň hemmesine deň derejede düşýär.
Kramer köprüsi, Germaniýa
Bu köprüde diňe dükanlar bolman, eýsem, ýaşaýyş jaýlary hem bar. Leýpsig şäheriniň golaýynda ýerleşýän Kramer köprüsi 1325-nji ýylda Gera derýasynyň üstünde gurlupdyr. Onuň gurluşygynda hek daşyndan we daşdan peýdalanylypdyr. Ilkibaşda bu köpriniň iki tarapynda hem ybadathanalar bar eken. Emma häzirki wagtda köpriniň diňe gündogar tarapynda Egidien buthanasy saklanyp galypdyr. Uzynlygy 79 metre barabar bolan bu köpri Ýewropanyň iň uzyn gadymy köprüsi hasaplanýar. Gurlan ýyllarynda onuň üstünde söwdagärler üçin agaç oturgyçlar goýlupdyr. Şol sebäpli bu köprä «söwdagärleriň köprüsi» hem diýlipdir. Bu köpri Erfurt şäherinde syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda köpriniň üstündäki binalarda 80 adam ýaşaýar.