27-nji ýanwarda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzda giňden we uly dabaralar bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň güni halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň asylly işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aňladýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli  ýurdumyzyň çar künjeginde dürli çäreler geçirildi we harby işgärlere niýetlenen binalar açylyş dabaralary boldy.

-Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýynyň öýleriniň 16-sy üç otagly, ýene-de şonçasy dört otagly bolup, olaryň hersi özüne mahsus derejede bezelipdir.

-Daşoguz welaýat merkeziniň Aşgabat köçesiniň ugrunda welaýatyň prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin her biri 16 öýli, dört gatly  ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi bina edildi.

-Türkmenabat şäherinde Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenilen täze kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 32-si ulanylmaga berildi. Jaýlaryň her biri alty otagdan ybarat. Olaryň umumy meýdany 263 inedördül metre ýetýär. Her hojalyga 0,06 gektar mellek ýeri hem berkidilipdir.

-Paýtagtymyzda Türkmenistanyň polisiýa Akademiýasynda 2 sany harby talyplar üçin 2 sany döwrebap ýatakhana ulanylmaga berildi.