Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawynda 53 göterimden gowrak ses alan Siomara Kastro kasam kabul edip wezipesine girişdi. Şeýlelikde Kastro ýurduň ilkinji zenan döwlet ýolbaşçysy boldy. Kasam kabul ediş dabarasyna ABŞ-nyň Prezidentiniň wise-prezidenti Kamala Harris, Ispaniýanyň Koroly Filipp VI, Argentinanyň wize-prezidenti Kristina Kirşner, Boliwiýanyň ozalky Prezidenti Ewo Morales we beýleki myhmanlar gatnaşdy. 62 ýaşly Kastro çepçi Libre partiýasy tarapyndan bu wezipä hödürlenipdi.