Sandro Bottiçelliniň (1445-1510) “Hasratly adam” atly kartinasy, Nýu-Ýorkuň “Sotheby’s” auksion öýünde 45,4 million dollara satyldy. Bu barada söwda öýüniň metbugat gullugy habar berýär. Söwda ýedi minut töweregi dowam etdi. Alyjynyň ady mälim edilmeýär.
Kartina, takmynan, 1500-nji ýylda döredilipdir. Hasratly ynsanyň keşbi, adatça, Günbatar Ýewropanyň surat eserlerinde giňden ýaýran ugurdyr. Polotno 1963-nji ýylda auksionda 28 müň dollara satyn alnandan soň, şondan bäri bäri hususy kolleksiýada saklanýardy. Kartinanyň “Galkynyş” döwrüniň eseri bolanlygy üçin bahasy gaty ýokary bolsa-da, “Sotheby’s”-yň bu kategoriýadaky auksion rekordyndan asgyn geldi. 2021-nji ýylda Sandro Bottiçelliniň “Susakly ýigit” atly eseri 92,2 million dollara satylypdy.