“Toyota” kompaniýasy köp wagtdan bäri Aýda we Marsda sürmäge niýetlenen awtoulag işläp taýýarlaýar. Ýaponiýanyň Kosmos agentligi bilen bilelikde işlenip düzülýän ulag “Lunar Cruiser” diýlip atlandyrylýar.  “Toyota” bu taslama ýolbaşçylyk edýän wekili Takao Sato adamlaryň gaýry planetada bu ulagyň içinde howpsuz ýagdaýda naharlanmagynyň, işlemeginiň, dynç almagynyň we beýlekiler bilen habarlaşmagynyň maksat edinilýändigini aýtdy. Bu ulagyň kämilleşdirilmegi üçin “Gitai Japan Inc.” şereketi hem goşant goşýar. Bu şereket “Lunar Cruiser”-a tehniki ideg etmek üçin robot goly işläp taýýarlaýar. Bu goluň ujuna bolsa, dürli gurallary – pil, ýük göteriji we süpüriji agregatlary birikdirip bolar.

“Gitai”-niň ýolbaşçysy Şo Nakanose kyn hem bolsa, kosmosa uçmakda meseläniň ýokdugyny, emma kosmosda işlemegiň astronawtlar üçin gymmada düşýändigini we howpludygyny aýdýar. “Toyota”-nyň inženeri Şiniçiro Noda awtomobil öndürijisiniň köp wagtdan bäri müşderilere hyzmat etmek ýörelgesiniň bir bölegi bolan Aý taslamasynyň özüni tolgundyrýandygyny, Aýyň Ýerdäki ýaşaýyş üçin gymmatly çeşmeleri üpjün edip biljekdigini aýdýar.

Guwanç Orazdurdyýew,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.