Esasan iri şäherlerde günüň belli wagtlarynda ýol dyknyşygyna gabat gelinýär. Bu ýagdaý adamlaryň köp wagtyny alýar. Ýewropada nawigasiýa ulgamlaryny dolandyrýan “TomTom” şereketi iň köp ýol dyknyşygy bolan şäherleriň sanawyny ýaýratdy. Sanawyň 2020-nji ýyldaky maglumatlaryň esasynda taýýarlanandygy mälim edildi. Şereket dünýäniň 57 ýurdundan 416 şäherdäki maglumatlary seljeripdir. Maglumata görä, Ýewropada Russiýanyň paýtagty ýol dyknyşygynyň iň köp gabat gelýän şäheri bolupdyr. Moskwada ýol dyknyşygynyň 54 göterimdigi mälim edildi. Maglumat awtoulag bilen şäheriň bir nokadyndan beýleki nokadyna gidilende, adatdakydan näçeräk gijä galynýandygyny ölçemek arkaly taýýarlanypdyr. Şeýlelikde, moskwaly biri bir ýerden başga bir ýere ýol boş wagty 30 minutda barýan bolsa, dyknyşyk wagty 46 minutdan gowrak wagtda barýar. Sanawyň ikinji ýerinde Türkiýäniň Stambul şäheri bar. Üçünji ýeri Ukrainanyň paýtagty Kiýew eýeleýär. Odessa (Ukraina, 44%), Sankt-Peterburg (Russiýa, 44%), Harkow (Ukraina, 43%), Lodz (Polşa, 42%), Buharest (Rumyniýa 42%) we Samara (Russiýa 41%) Ýewropanyň iň köp ýol dyknyşygy bolan şäherleri hasaplanýar.
Dünýä şäherleri hasaba alnanda bolsa, Moskwa (Russiýa 54%), Mumbai (Hindistan, 53%), Bogota (Kolumbiýa 53%), Manila (Filippinler 53%) we Stambul (Türkiýe 51%) ilkinji bäşligi emele getirýär.