Italiýanyň Fiorentina topary düýn ýaş ýyldyz futbolçysy Duşan Wlahowiçi Ýuwentusa 75 million ýewro baha satdy. Topar onuň ornuna Bazeliň braziliýaly hüjümçisi Artur Kabraly transfer etdi. Italýan topary 23 ýaşyndaky golçy oýunçy üçin şweýsar klubuna 16 million ýewro tölär. 9-njy belgide çykyş etjek futbolçy 4,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Kabral geçen möwsümde Bazelde 31 oýunda 27 gol geçirip, 8 goluň pasyny berdi. 2019-njy ýylda Bazeliň düzümine goşulan Kabral umumylykda 106 oýunda 65 gol geçirdi. Ol Bazelden ozal ýurdunyň Seara Sporting Klub hem-de Palmerias toparlarynda oýnapdy.