30-njy ýanwarda Portugaliýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. Resmi maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk 57%-den gowrak boldy.
Premýer-ministr Antonio Koştanyň Sosialistik partiýasy sesleriň 41%-inden gowragyna eýe boldy, Ruýa Rionyň Sosial-demokratik partiýasy bolsa, 30%-den az sese eýe boldy. Aşa sagçy “Chega” (ýeterlik) 7%-den gowrak ses alyp, üçünji orunda durýar. Beýleki saýlawa gatnaşanlaryň görkezijileri bäş göterimden hem pes.
20-den gowrak syýasy güýçler Respublikanyň Assambleýasynda 230 orun almagy maksat edinýär. Bilermenler saýlawlardan öň esasy öňdebaryjylaryň Sosialistik partiýa we Sosial-demokratik partiýa boljakdygyny bellediler.
Respublikanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza parlamentiň sosialistik hökümet tarapyndan hödürlenen 2022-nji ýylyň döwlet býujetini tassyklamanyndan soň parlamentiň ýatyrylýandygyny we täze saýlawlaryň geçiriljekdigini habar beripdi.
Portugaliýanyň Sosialistik partiýasy 2015-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda.