Şwesiýanyň “Corvid Cleaning” kompaniýasy, gargalara şäher köçelerinden çilim galyndylaryny we ownuk hapalary çöpläp aýyrmagy öwredýärler. Guşlar zibili nädip ýörite maşyna salmalydygyny öwrenerler we munuň öwezine ýörite enjamdan iým paýyny alarlar. Gargalara tälim bermek aňsat bolanlygy üçin bu programma ýörite saýlandy. Gargalaryň bir-birinden hem öwrenip bilýän zatlary köp bolup, çem gelen zady iýmezlik üçin hem ýeterlik akyly bar.

Ilki bilen, guşlar Stokgolmyň golaýyndaky Sedertelýe şäherçesiniň etegindäki köçeleri arassalamaga çekiler. Bu işe başlamak bilen, ýerli häkimlik arassalaýyş çykdajylaryny 75 göterim azaltmagy meýilleşdirýär. Bu tejribe öz netijeliligini görkezen halatynda, gargalar beýleki şäherleriň köçelerini arassalamaga hem çekiler.

Täjirçilik maksatly bolmadyk “Keep Sweden Tidy Foundation” guramasynyň habaryna görä, Şwesiýanyň şäherleriniň köçelerindäki hapalaryň ýarysyndan gowragyny (62%) çilim galyndylary düzýär.