Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagyndaky duşuşyklar tamamlanyp barýar. Mundan öňki oýunlaryň netijesinde Braziliýa bilen Argentinanyň ýygyndylary ýeňlişsiz Katardaky ýerlerini bronladypdylar. Geçirilen 15-nji we 16-njy oýunlardan soň Ekwadoryň ýygyndysy hem bu derejä diýseň golaýlady. Ilki Braziliýa soňra Peru bilen deňme-deň oýnan Ekwadoryň ýygyndysyna ýene-de bir ýeňiş ýeterlik. Bu iki tapgyrdan soň Kolumbiýanyň ýygyndysy 7-nji orna düşdi. Braziliýanyň ýygyndysy soňky oýnunda Paragwaýyň ýygyndysyny Rafinýa, Koutinio, Antoni hem-de Rodrigonyň gollary bilen 4-0 utdy. Çilini Di Mariýa hem-de Lautara Martinesiň gollary bilen 2-1 ýeňen Argentina öz meýdançasynda Kolumbiýany 1-0 ýeňlişe sezewar etdi. Ýeke-täk goly 29-njy minutda Lautara Martines geçirdi. Şeýlelikde, tangoçylar 29 oýundan bäri ýeňilmän gelýärler. Olar ýene-de 2 duşuşykda Wenesuela hem-de Ekwador bilen boljak oýunlarda ýeňilmedik ýagdaýynda öz rekordlaryny gaýtalarlar. Bu ugurda dünýä rekordyna bolsa 8 duşuşyk galyp, Italiýanyň ýygyndysy 37 oýun bilen rekordyň eýesidir.
Ilki Paragwaýy 1-0, soňra-da Wenesuelany 4-1 ýeňen Urugwaýyň ýygyndysy çempionata gatnaşmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy.