Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda Urugwaýyň ýygyndysy soňky 2 duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 4-nji orna çykdy we göreşe täzeden goşuldy. Topar soňky tapgyrda öz meýdançasynda Wenesuelany 4-1 hasabynda ýeňdi. Oýunda urugwaýlylaryň adyndan Rodrigo Bentankur, Daniel De Arraskaeta, Edinson Kawani hem-de Luis Suares tapawutlandy. 53-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Luiz Suares milli ýygyndydaky 130-njy oýnunda 67-nji goluny geçirdi. Şol wagtyň özünde-de bu gol Günorta Amerika zolagy boýunça Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyryndaky 28-nji goly boldy. Netijede, ýyldyz futbolçy bu ugurda Lionel Messiniň 27 golluk yklym rekordyny täzelemegi başardy. Galyberse-de, bu gol Luis Suaresi dünýä sanawynda-da 4-nji orna çykaryp, ol 28 gol geçiren eýranly Karim Bageri bilen deňleşdi. Sanawyň birinji basgançagynda gwatemalaly Karlos Ruis bolup, ol Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 39 gol geçirdi. Ondan 3 goly kem 36 golly Kristiano Ronaldo (Portugaliýa) 2-nji, 35 gol geçiren eýranly Ali Daei 3-nji ýerde barýar.