Adam bedeninde ýeterlik mukdarda D witamininiň bolmagy süňküň berkligi we umumy saglyk ýagdaýy üçin örän ähmiýetlidir. D witaminiň ýetmezçiligi dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. D witamini balygyň käbir görnüşlerinde, uly malyň bagrynda, ýumurtganyň sarysynda, towuk etinde, Gün şöhlesi düşýän ýerde bitýän kömeleklerde we beýleki iýmitlerde bolýar. Şeýle hem D witaminini açyk howada daşarda gezelenç etmek arkaly Gün şöhlesinden alyp bolýar. Açyk tenli adamlar Gün şöhlesinden D witaminini has çalt kabul edýän bolsa, goýy tenli adamlar has haýal kabul edýär. Şol sebäpli howanyň ýagdaýyna görä, her gün daşaryk çykyp, gezelenç etmek maslahat berilýär. Şeýle-de kadaly uklamak hem D witamininiň ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam edýär.
Açyk howada yzygiderli hereket etmek rahat uklamaga, semizligiň öňüni almaga ýardam edýär, dürli kesellerden goraýar.
Nurberdi SARYÝEW,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň uly ylmy işgäri.