Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy birnäçe günden köp garaşylýan täze telefon seriýasyny hödürlär. “Galaxy S22” maşgalasynyň 9-njy fewralda geçiriljek “Galaxy Unpacked” çäresinde tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Telefonyň “S22”, “S22 +” we “S22 Ultra” atly üç modeliniň hödürlenjekdigi aýdylýar. Bu mobil enjamlaryň bahasynyň garaşylýandan gymmadrak boljakdygy aýdylýar. Bilermenler “S22” we “S22 +” görnüşleriniň meňzeş boljakdygyny belleýärler. “S22”-de 6,1 dýuým ekran, “S22 +”-de 6,6 dýuým ululygynda ekran bolar. Bu smartfonlaryň ikisiniň hem batareýasy kiçi bolup, çalt zarýady üpjün eder. “Ultra” modeliniň ekrany 6,8 dýuým. “S21” maşgalasyna gaty meňzeş bolsa-da, täze telefonyň esasy kamerasynyň durulygy 50MP, şeýle hem 12MP ultragiň, 10MP 3X telefon linzalary bolar. Şeýle hem bu smartfon üçin ýörite galam öndüriler. Üç smartfonyň hemmesinde 120 Hz ekran täzelenmesi bolar. Mobil enjamlarda “Snapdragon 8 Gen 1” ýa-da “Exynos 2200” mikroprosessorlary oturdylar.

Garaşylýan bahalar:

“Galaxy S22”: 899 dollar

“Galaxy S22 Plus”: 1,099 dollar

“Galaxy S22 Ultra”: 1299 dollar bolar.

Telefonlar barada has köp maglumaty size ýetirmegi dowam etdireris.