Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy ýangyjy tygşytly ulanýan awtoulaglary öndürmegi bilen tanalýar. Kompaniýa geçen ýyl wodorod ýangyçly “Mirai” modeliniň ikinji neslini çykarypdy. Indi bolsa bu kompaniýa arassa energiýa çeşmeleriniň sarp edilýän şäherini döretmäge goşant goşýar. Awtoulag kompaniýasy Fukuoka şäherinde wodorod ýangyjynyň ulanylmagyna degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine kömek eder. Taslamalaryň arasynda lagym suwlaryndan öndürilen wodorody ulaglarda peýdalanmak hem bar. Şeýle hem şäherde wodorod ýangyçly motosikller we ýük ulaglary hem synagdan geçiriler.