Rus­si­ýa­da Ob der­ýa­sy­nyň Ark­ti­ka deň­zi­ne guý­ýan ýe­rin­de her ýyl­ Es­ki­mo öýü­ni gur­mak fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär. Bu ýer­de ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 16 de­re­je so­wuk bol­ýar. Bu ýyl­ky ýa­ry­şa 66 to­par gat­naş­dy. Ola­ra ig­lu öýü­ni (buz bö­lek­le­rin­den we gar­dan ýa­sa­lan ki­çi­jik kü­me) gur­mak üçin 2,5 sa­gat wagt be­ril­di. Ýa­ry­şyň çäk­le­rin­de je­mi 123 öý gu­rul­dy. Ýo­kar­ly­gy­na çü­re­lip gid­ýän bu öý gur­lan­da buz bö­lek­le­ri­niň ara­syn­da boş­luk galma­ly däl. Adat­ça ig­lu­la­ryň dia­met­ri 2 met­re, be­ýik­li­gi 1,5 met­re ba­ra­bar bol­ýar. Bu kü­mä­niň için­dä­ki ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 4 de­re­je bol­ýar. Için­dä­ki ho­wa 0 de­re­je­den ýo­ka­ry bo­lan­da ig­lu­nyň için­de eme­le ge­len bug di­wa­ra de­gip, gaý­ta­dan do­ňýar. Bu bol­sa, buz bö­lek­le­ri­niň ara­syn­da­ky de­şik­le­ri has mä­käm ýa­pyp, içi­niň ýy­ly sak­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Da­şar­da ho­wa nä­çe de­re­je so­wuk hem bol­sa, içer­dä­ki ho­wa 0 de­re­je­den ýo­ka­ry bol­ýar. Şeý­le kü­me­ler de­mir­ga­zyk halk­la­ry­nyň ara­syn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur­dyr.