Soňky ýyllarda global ýylylyk tebigata has köp täsir edýär. Indi ýylylygyň täsiri has sowuk ýerlerde hem duýulyp başlandy. Ýylylygyň netijesinde Antarktidadaky temperaturanyň ýokarlanmagy ösümligiň iki görnüşiniň çalt köpelmegine sebäp boldy. Günorta polýusyň Günorta Orkni adalarynda işleýän alymlar ösümlikleriň 2009-njy we 2018-nji ýyllar aralygynda ýaýramagynyň öňki 50 ýyldakydan has çaltdygyny anykladylar. Antarktidada iki görnüşli ýerli ösümlik görnüşi pürli ambroziýa we koral otlary bar. 1960-njy ýyldan bäri bu görnüşleri öwrenýän alymlar 2009-njy we 2018-nji ýyllar aralygynda ambroziýa otlaryň öňki 50 ýyl bilen deňeşdirilende 5 esse çalt ýaýrandygyny we koral otlarynda 10 esse çalt köpelendigini anykladylar. Şeýle hem tomusda soňky 10 ýylda Antarktidadaky temperaturanyň ep-esli ýokarlanandygy mälim edildi.